Akgar süýjisi barada
“Ak Gar” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasy öz önümleri bilen 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň azyk senagatynda özüni tanadyp gelýär. Yzygiderli we ýadawsyz zähmetiň netijesinde bu kärhana gysga wagtyň içinde ýerli sarp ediji we importyň ornuny tutýan konditer önümlerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrüldi.
Kärhanamyzyň esasy ýörelgelerine eýerip, gutuly gantlary, “Hasyl” atly gündogaryň meşhur parwarda süýjileri, miwe we dürli tagamly karamel süýjileri, “Nowruz” atly köpsanly görnüşli huruşly ýumşak çeýnelýän süýjileri, taýajykly karamelleri (lollipop), kristal şekeri, şeker tozy, wanilli şekeri ýokary hilli standartlarda öndürilip gelinýär, bulardan başgada kakao külkesi, iýmit sodasy, hamyr gabartma tozy, limon turşusy, ýaly ýörite konditer önümlerinde ulanylmaga niyetlenen önümleri arassa we howpsuz görnüşde gaplap sarp edijilere hödürleýäris. Önümçiligimizde hiç hili goşundylary we konserwantlary ulanylman hil gözegçiligi astynda önümlerimizi gaplaýarys.
Biziň Taryhymyz:
Işewürlik ýolumyz heniz kärhana derjesine ýetmezinden öňki, 2005-nji ýylyň noýabr aýynda adaty bazardaky 36m² ybarat bolan kiçijik dükanda bölek satuw işlerinden başlandy. 2006-njy ýylda ikinji dükanyny açdy, işini 2-nji dükanda dowam etdirdi we şol ýylyň awgust aýynda Türkiýeden import etmek arkaly lomaý satuwlaryny amala aşyrmaga başlady.
2011-njy ýylyň aprel aýyndan bäri bolsa öz kärhanamyzy gurmak bilen gutuly gantlary öndürmek we dürli ölçeglerde şeker gaplamak arkaly hususy önümçiligine başlady. 2016-njy ýylyň mart aýynda kärhanamyzyň açyk meýdany 20,000 inedördül metr we ýapyk meýdany 4000 inedördül metrde ýerleşýän gutuly gantlary, kakao, duzlanan arahisleri we pisseleri gaplaýan, täze önümçilik kärhana binamyza göçmegi bilen ömümçiligini giňeldip başlady. 2017-nji ýylda kärhanamyzyň önümçiligine gaty karameller, parwada süýjiler we taýajykly karameller ýaly täze önümler goşulyp önümçligiň kuwwaty artdyryp başlady. 2018-nji ýylda huruşly ýumşak çeýnelýän süýji öndürilip başlandy we dürli görnüşli önümleri öndürmäge başlady.