AKGAR Barada
Haryt bukjasy




“Ak Gar” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasy öz önümleri bilen 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň azyk senagatynda özüni tanadyp gelýär. Yzygiderli we ýadawsyz zähmetiň netijesinde bu kärhana gysga wagtyň içinde ýerli sarp ediji we importyň ornuny tutýan konditer önümlerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrüldi.

Kärhanamyzyň esasy ýörelgelerine eýerip, gutuly gantlary, “Hasyl” atly gündogaryň meşhur parwarda süýjileri, miwe we dürli tagamly karamel süýjileri, “Nowruz” atly köpsanly görnüşli huruşly ýumşak çeýnelýän süýjileri, taýajykly karamelleri (lollipop), kristal şekeri, şeker tozy, wanilli şekeri ýokary hilli standartlarda öndürilip gelinýär, bulardan başgada kakao külkesi, iýmit sodasy, hamyr gabartma tozy, limon turşusy, ýaly ýörite konditer önümlerinde ulanylmaga niyetlenen önümleri arassa we howpsuz görnüşde gaplap sarp edijilere hödürleýäris. Önümçiligimizde hiç hili goşundylary we konserwantlary ulanylman hil gözegçiligi astynda önümlerimizi gaplaýarys.


Haryt katalogy

Siziň üçin ýörite önümler

Biziň kärhanamyz kristal şeekerini, şeker tozyny, gutuly gantlary “Hasyl” atly gündogaryň meşhur parwarda süýjileri, miwe we dürli tagamly karamel süýjileri, “ Nowruz, atly köpsanly görnüşli huruşly ýumşak çeýnelýän süýjileri, taýajykly karamelleri (lollipop), kristal şekeri, şeker tozy, wanilli şekeri ýokary hilli standartlarda öndürilip gelinýär, bulardan başgada kakao külkesi, iýmit sodasy, hamyr gabartma tozy, limon turşusy ýaly ýörite konditer önümlerinde ulanylmaga niyetlenen önümleri arassa we howpsuz görnüşde gaplap sarp edijilere hödürleýäris

Önümler bilen tanyşmak üçin galereýa ýa-da önümler sahypasyna serediň.

Biziň maksadymyz

ilkinji

Kompaniýamyzyň iň esasy iki maksadyna laýyklykda , iň ýokary hilli çig mallary saýlap üns bilen gaýtadan arassalap işleýär. biziň kärhanamyz sarp edijilere diňe ýokary hilli önümlerini hödürleýär

Ikinji

Kärhanamyzyň beýleki maksadymyz hem önümlerimizde tebigy tagamy saklap, adam saglygyna zyýansyz önümleri öndürmekdir biziň kärhanamyz sarp edijilere diňe ýokary hilli önümlerini hödürleýär